Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:06

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.

[2] Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!

[3] Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.

[4] Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.

[5] Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela

[6] Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.

[7] Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!

[8] Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.

[9] Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.

[10] Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.

Zebur — Chapters