Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:03

[1] Meniň ellerime uruşmagy, barmaklaryma söweşmegi öwredýän gaýam Rebbe alkyşlar bolsun!

[2] Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.

[3] Ýa Reb, ynsan kimmişin, Sen onuň aladasyny ederiň ýaly? Ynsan ogly kimmişin, Sen onuň pikirini ederiň ýaly?

[4] Ynsan bir dem kimindir, onuň ömri geçip barýan kölege deýdir.

[5] Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!

[6] Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!

[7] Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.

[8] Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.

[9] Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn, on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn.

[10] Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.

[11] Meni azat et, kesekileriň elinden halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.

[12] Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun.

[13] Ammarlarymyz dürli azyk-owkatlardan, goý, dolup-daşsyn. Goýunlarymyz örülerde müňlerçe, on müňlerçe bolup örňesin.

[14] Sygyrlarymyzyň höwri köp bolsun, duşman gala diwaryny, goý, böwüsmesin; olar bizi ýesirlige almasyn, köçelerimizde ahy-nalyş bolmasyn!

[15] Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly! Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!

Zebur — Chapters