[1] Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
[2] Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. Bet
[3] Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
[4] Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. Gimel
[5] Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
[6] Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. Dalet
[7] Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. He
[8] Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.
[9] Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar. Waw
[10] Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
[11] Pälipes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler. Zaýin
[12] Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
[13] Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär. Ḥet
[14] Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
[15] Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar. Ṭet
[16] Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
[17] Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär. Ýod
[18] Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.
[19] Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe. Kaf
[20] Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar. Lamed
[21] Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
[22] Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolar. Mem
[23] Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
[24] Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. Nun
[25] Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.
[26] Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkanyş geler. Sameh
[27] Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň. Ğaýin
[28] Çünki Reb adalaty söýýändir, Ol sadyk ynsany terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
[29] Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar. Pe
[30] Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.
[31] Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy. Tsadi
[32] Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.
[33] Ýöne Reb ony erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz. Ķof
[34] Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň. Reş
[35] Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
[36] Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. Şinׁ
[37] Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.
[38] Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar. Taw
[39] Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
[40] Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.