Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:58

[1] Koranyň nesillerine. Mezmur. Nagma.

[2] Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr. Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini, aýratyn-da Sionyň derwezelerini.

[3] Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela

[4] Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».

[5] Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.

[6] Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela

[7] «Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar.

Zebur — Chapters