Listen to this chapter • 1:01
[1] Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.
[2] Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
[3] Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela
[4] Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
[5] Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
[6] Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
[7] Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
[8] Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
[9] Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela
Zebur — Chapters
10:5121:2931:0141:1251:4761:2372:1781:1094:54101:00111:06120:54131:03140:42151:21162:00175:37181:57191:09201:30213:46220:53231:10242:25251:18261:58271:22281:14291:41303:19311:34322:13332:23343:40351:30364:08372:11381:47392:31401:29411:43420:54432:46442:21451:23461:06471:44482:19492:31502:29511:18521:03531:02542:46551:44561:39571:25582:33591:41601:02611:37621:21631:16641:57652:15660:57674:38684:14690:52702:55712:27722:58732:45741:19751:27762:21777:41781:51792:05801:46810:56821:48831:42841:30852:12860:58872:07885:36892:04901:46911:42920:42932:22941:15951:45961:26971:08981:16990:411001:061012:571022:301033:541044:391055:111064:251071:391083:311090:561101:161111:151120:551132:381141:001150:591160:191172:4811817:091190:501200:461210:581220:381230:491240:421250:461260:441270:401280:471290:551300:321311:581320:331330:231342:201352:201361:021371:061382:421391:341401:211411:031421:461432:031442:251451:191461:141471:021481:451491:031500:51