[1] Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
[2] Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
[3] Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
[4] Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
[5] Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
[6] Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.
[7] Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny, ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
[8] Reb rehimdar we merhemetli, sadyk söýgä baý we giň göwünli,
[9] Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.
[10] Ol bize günälerimize görä garanok, ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
[11] Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
[12] Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa, şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
[13] Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin, Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
[14] Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
[15] Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,
[16] üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
[17] -
[18] Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.
[19] Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
[20] Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!
[21] Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!
[22] Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!