Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:03

[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!

[2] Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!

[3] Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!

[4] Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.

[5] Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.

[6] Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.

[7] Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.

[8] Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar.

[9] Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters