[1] Eýýup şeýle jogap berdi:
[2] «Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?
[3] Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
[4] Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?
[5] Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, gazabyna daglary ters düňderýär.
[6] Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.
[7] Ol Güne buýruk berýär – Gün dogmaýar, ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.
[8] Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
[9] Uly Ýedigeni, Oriony, Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.
[10] Akyla sygmajak beýik işleri, sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.
[11] Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
[12] Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?
[13] Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.
[14] Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin, jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
[15] Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
[16] Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa, Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.
[17] Ol başyma harasat inderýär, nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.
[18] Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.
[19] Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
[20] Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
[21] Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, men öz durmuşymy ýigrenýärin.
[22] Barybir, şonuň üçinem „Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“ diýýän.
[23] Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende, Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.
[24] Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?
[25] Günlerim çapardan çalasyndyr, ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.
[26] Gamyşdan edilen gaýyk deý, awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.
[27] „Arzymy unudaýyn, ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,
[28] ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
[29] Barybir höküm edilerin, näme üçin ýöne ýere jan edýän?
[30] Gar suwuna ýuwnup, ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
[31] Sen meni laý çukura taşlarsyň, hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
[32] Çünki Oňa jogap bererim ýaly, kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!
[33] Wah, ikimizi-de diňläp, elini üstümize goýar ýaly, aramyzda bir araçy bolsady!
[34] Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý, üstümden howp abandyrmasady!
[35] Şonda men gorkman geplärdim, bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».