Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:01

[1] «Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.

[2] Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir, gökdäki Gudratygüýçlüden mirasym nedir diýip pikir etdim.

[3] Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?

[4] Ol ýöreýän ýollarymy görüp, her ädimimi yzarlaýar.

[5] Men ýalan sözläp, hilegärlige ýüz uran bolsam,

[6] Hudaý adyl höküm etsin, meniň päkdigimi bilsin.

[7] Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,

[8] goý, ekenimi başgalar iýsin, ekinim köki bilen sogrulsyn.

[9] Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,

[10] goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin, goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn.

[11] Çünki bu azgynlykdyr, höküm edilmeli jenaýatdyr.

[12] Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.

[13] Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, men olara adalatsyzlyk eden bolsam,

[14] Hudaý aýaga galanda, men näme ederin? Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?

[15] Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?

[16] Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, dul hatyny umytdan düşüren bolsam,

[17] ýa-da nanymy ýeke iýip, ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,

[18] (ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim, doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim)

[19] eşiksiz heläk bolany, ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,

[20] olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam, olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar,

[21] kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, ýetime el galdyran bolsam,

[22] goý, omzum ýazsyn, golum omzumdan omrulsyn.

[23] Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.

[24] Altyna bil baglan bolsam, sap altyna ynam eden bolsam,

[25] ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam,

[26] parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,

[27] köňlümiň meýlini azdyryp, Aýa, güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam,

[28] bu hem höküme laýyk etmiş bolardy, gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.

[29] Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.

[30] (Gargyş bilen olaryň ölümini diläp, dilim bilen günä etmedim.)

[31] Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,

[32] (mysapyr köçede ýatan däldir, çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy)

[33] -

[34] mähelleden juda gorkup, olaryň ýigrenjinden heder edip, dymyp, daşa çykman, ýürekde etmişlerimi gizläp, beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.

[35] Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!

[36] Şübhesiz ony gerşimde göterip, başyma täç ederdim.

[37] Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, şazada kimin Onuň huzuryna barardym.

[38] Ýerim maňa garşy perýat eden bolsa, onuň keşleri bile aglaşýan bolsa,

[39] tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam, ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,

[40] goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken, arpa ýerine haşal otlar bitsin!» Eýýubyň sözleri tamam boldy.

Eýýup — Chapters