Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:44

[1] Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:

[2] «Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.

[3] Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen? Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?

[4] Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?

[5] Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze, şöhrat we hormat donuny geý.

[6] Möwç alýan gazabyňy dök, tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.

[7] Tekepbirlere garap, olary dyza çöker, erbetleri duran ýerlerinde mynjyrat.

[8] Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.

[9] Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.

[10] Ine, Bähemosa seret, seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, ol öküz kimin ot iýýär.

[11] Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli!

[12] Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, budunyň siňirleri örüm-örümdir.

[13] Süňkleri bürünç turbalar kimin, gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.

[14] Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr, diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.

[15] Baýyrlar onuň otlagydyr, ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.

[16] Ol gyrymsy agaçlar astynda, gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.

[17] Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar, deräniň söwütleri ony gurşaýar.

[18] Derýa joşsa-da, ol eýmenmez, Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol asla äwmez.

[19] Kim ony garbak bilen tutup biljek? Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?

[20] Liwýatany çeňňek bilen tutup bilermiň? Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?

[21] Burnundan ýüp geçirip bilermiň? Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?

[22] Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka? Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?

[23] Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly, seň bilen äht baglaşarmyka?

[24] Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň? Ony gyzlaryňa güýmenje edip baglap bilermiň?

[25] Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler? Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?

[26] Derisini naýza bilen, kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?

[27] Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä, sen ony ikilenç gaýtalamarsyň.

Eýýup — Chapters