[1] Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
[2] «Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
[3] biz näme üçin haýwan saýylýarys, näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
[4] Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?
[5] Pisleriň yşygy sönýär, ot ýalynlary parlamaýar.
[6] Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, depelerindäki çyrasy sönýär.
[7] Gadamlarynyň bady gowşaýar, öz işleri ýykýar olary.
[8] Öz aýaklary bilen tora düşýärler, özleri garyma ýykylýarlar.
[9] Aýagy gapana düşýär, olary duzak gapjaýar.
[10] Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, ýollaryna duzak gurulýar.
[11] Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.
[12] Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.
[13] Derilerini dert iýýär, el-aýaklaryny ölüm ýuwudýar.
[14] Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
[15] Çadyrlarynda hiç zat galmaýar, ýurtlaryna kükürt ýagdyrylýar.
[16] Kökleri guraýar aşakda, şahalary solýar ýokarda.
[17] Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylýar, köçelerde atlary ýatlanylmaýar.
[18] Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.
[19] Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bar, mesgeninde yzynda hiç kim galmaýar
[20] Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galýarlar, howp gurşaýar soňky nesilleri.
[21] Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».