Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:10

[1] Eýýup şeýle diýdi:

[2] «Siz bar zady bilýänsiňiz, siz öleniňizde, paýhas-da siz bilen öler!

[3] Meniň-de akylym siziňki ýaly, men-de sizden kem däldirin, bu zatlary bilmeýän barmy?

[4] Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!

[5] Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler, büdreýänleri itip goýberýärler.

[6] Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, olar diňe öz güýjüne sygynýandyr.

[7] Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.

[8] Ýerden sora, saňa öwreder ol, deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.

[9] Muny Rebbiň eliniň edendigini bularyň haýsysy bilýän däldir?

[10] Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.

[11] Agzyň tagamy dadyşy deý, gulagam sözleri seljermezmi?

[12] Paýhas garrylarda, düşünje uzak ömürdedir.

[13] Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.

[14] Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.

[15] Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, iberse-de, dünýäni sil alýar.

[16] Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.

[17] Ol hökümdarlary kemsidip, kazylary akmaklara öwürýär.

[18] Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, billerine ýüp baglaýar.

[19] Ruhanylary kemsidip, güýçlüleri agdarýar.

[20] Ynamly maslahatçylary dymdyryp, ýaşululary akylyndan mahrum edýär.

[21] Şazadalary ile ryswa edýär Ol, güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.

[22] Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.

[23] Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär, milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.

[24] Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.

[25] Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler, olary serhoş kimin entiredýär».

Eýýup — Chapters