[1] Gümmürdä ýüregim galpyldap, agzymdan çykyp gelýär.
[2] Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini, agzyndan çykýan owazy eşidiň.
[3] Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
[4] Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.
[5] Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.
[6] Çünki Ol gara „ýag“ diýip, ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.
[7] Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar, olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.
[8] Haýwanlar öz hinlerine girýärler, öz sürenlerinde galýarlar.
[9] Harasat öz mekanyndan çykýar, sowuk güýçli ýelden gelýär.
[10] Hudaýyň demine buz emele gelip, suw giňişlikleri doňýar.
[11] Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýar.
[12] Onuň buýrugyna görä, bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
[13] Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.
[14] Eýýup, diňle muny, togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.
[15] Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny, nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?
[16] Bulutlaryň deňagramlylygyny, kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?
[17] Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde, eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,
[18] guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
[19] Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
[20] Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?
[21] Şemal geçip, bulutlar syrylanda, gökde parlaýan nura hiç kim seredip bilmez.
[22] Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete beslenendir.
[23] Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.
[24] Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».