[1] Ony tutmak umydy netijesizdir, garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
[2] Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur. Kim Meniň öňümde durup biljek?
[3] Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
[4] Liwýatanyň beden agzalary, beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
[5] Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim oňa ýarag bilen golaýlap biler?
[6] Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder? Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
[7] Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen, hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
[8] Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, hatda aralaryndan howa geçmeýär.
[9] Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
[10] Asgyranda ot saçýar, gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
[11] Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.
[12] Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
[13] Demi kömürleri köredýär, agzyndan alaw çykýar.
[14] Güýç onuň boýnundadyr, gorky onuň huzurynda tans edýär.
[15] Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
[16] Ýüregi daş kimin gaty, degirmen daşy kimin gatydyr.
[17] Ol ýerinden galanda, güýçlüler lerzana gelýär, gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
[18] Oňa gylyç kär etmez, naýza, hanjar we ok ötmez.
[19] Ol demri saman, bürünji çüýrük agaç saýýar.
[20] Atylan okdan gaçmaz, sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
[21] Serdesseleri saman saýýar, özüne tarap zyňlan naýzalara gülýär.
[22] Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir, palçygyň üstüne döwek kimin yz galdyrar.
[23] Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar, deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
[24] yzynda parlak yz galdyrýar, deňiz agaran saça meňzedilýär.
[25] Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
[26] Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir, ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnuýogynydyr».