[1] Dag geçileriniň haçan guzlaýanyny bilýäňmi? Keýikleri guzlaýan wagty synlaýaňmy sen?
[2] Olar bükülip, burgusy tutup, çagalanda, olaryň näwagt aýlarynyň dolup, guzlamaly pursadyny bilýäňmi?
[4] Balalary çölde ösüp, güýç alýar, çykyp gidip, yzlaryna dolanmazlar.
[5] Gulany boşadyp goýberen kim? Gulany duşagyndan boşadan kim?
[6] Olara çölleri öý, şor ýerleri mesgen edip berdim.
[7] Ol şäheriň galmagalyna gülýär, mal sürýäniň gykylygyny eşitmeýär.
[8] Öri üçin depelerde enteýär, gök otluk agtarýar.
[9] Ýabany öküz saňa hyzmat etmäge razy bolarmyka? Gijäni seniň ahyryňyň başynda geçirermikä?
[10] Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň? Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka?
[11] Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?
[12] Ýabany öküziň hasylyňy ýygnap, harmanyňa üýşürjekdigine ynamyň barmy?
[13] Leglegiňki kimin ganat-peri bolmasa-da, düýeguş begençli ganat kakýar.
[14] Düýeguş ýerde ýumurtgalaýar, olary gumda ýyladýar.
[15] Ýumurtgalaryň aýak astynda ýenjiljegini, ýabany haýwanlaryň olary basgylajakdygyny unudýar.
[16] Balalaryny edil kesekiniňki kimin zabun tutýar, zähmetiniň biderek boljagyndan heder etmeýär.
[17] Çünki Hudaý ony paýhasdan mahrum edendir, oňa aň bermändir.
[18] Emma düýeguş ganat ýaýyp ylganda, atyň we çapyksuwarynyň üstünden gülýär.
[19] Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi? Onuň boýnuna ýaly bitirýän senmi?
[20] Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi.
[21] Gazaply ýer peşäp, güýjüne buýsanýandyr, duşmanyň üstüne okdurylýar.
[22] Gorka gülüp, hiç zatdan heder etmeýär, gylyçdan hem gaçmaýar.
[23] Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip, zarňyldap, yzyna atylýar.
[24] Buýsançdan möwç alyp, esli aralyga çapýar, ümsüm durmaz ol surnaý sesine.
[25] Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.
[26] Gyrgy seniň paýhasyň bilen gökde gaýyp, ganatlaryny ýaýyp, günorta tarap uçýarmy?
[27] Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galyp, belentlikde höwürtge ýasanýarmy?
[28] Ol uçut gaýalarda ýaşap, olary özüne gala edinýär.
[29] Awuny şol ýerden gözleýär, gözleri awuny uzakdan görýär.
[30] Balalary gandan iýmitlenýärler, nirede läş bolsa, olar şol ýerdedir».
[31] Reb Eýýuba şeýle diýdi:
[32] «Gudratygüýçli bilen jedelleşen Oňa düzediş berermi? Hudaý bilen dawalaşýan jogap bersin».
[33] Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
[34] «Wah, men bir sanda ýok adam, Saňa näme jogap bereýin? Agzyma bek bolaryn indi.
[35] Köp gezek gepledim, ýöne mende jogap ýok, mundan artyk geplemen indi».