[1] Eýýup şeýle diýdi:
[2] «Sen kuwwatsyza nähili ýardam etdiň! Güýçsüze nähili medet berdiň!
[3] Akmaga nähili paýhas berdiň, paýhassyza nähili öwüt berdiň!
[4] Bu sözleri saňa öwreden kim? Sen arkaly gepleýän kimiň ruhy?
[5] Çuň suwlaryň astyndaky ölüler öz mekanlarynda titreşýärler.
[6] Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
[7] Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar.
[8] Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär.
[9] Tagtynyň ýüzüni büreýär, üstüni bulut bilen örtýär.
[10] Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, suwlaryň ýüzüne serhet çekdi.
[11] Gögüň sütünleri sarsýar, Hudaýdan gorkularyna titreşýär.
[12] Güýji bilen deňzi togtatdy Ol, äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen.
[13] Gökler Onuň demi bilen gözel boldy, aždarhany eli bilen ýok etdi.
[14] Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň, Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az! Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?»