Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:01

[1] «Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup, diýjek sözlerimi diňle.

[2] Ine, agzymy açýan, sözlerim dilimiň ujunda.

[3] Sözlerim päk ýürekden çykýar, her diýjek sözüm hakykatdyr.

[4] Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.

[5] Başarsaň, maňa jogap ber, jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!

[6] Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, menem toprakdan ýaradyldym.

[7] Menden gorkmak gerek däl, hüjümim agyr bolmaz.

[8] Gepleriňi öz gulagym bilen eşitdim, sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur.

[9] Sen: „Men päk, ýazyksyz, tämiz, mende etmiş ýokdur.

[10] Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar, meni Özüne duşman saýýar,

[11] aýaklaryma künde salýar, bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.

[12] Emma men saňa diýýän: sen bu babatda nähak, çünki Hudaý ynsandan beýikdir.

[13] „Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?

[14] Çünki Hudaý ynsana bir ýola, düşünmese ikinji ýola-da gepleýär.

[15] Düýş, gijeki görnüş arkaly, ynsanlary agyr uky basanda, düşeklerinde ýatyrkalar,

[16] ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, olary duýduryşlar bilen gorkuzýar.

[17] Ol muny ynsanlary pis işlerden, tekepbirlikden saklamak üçin,

[18] olaryň janyny gabyrdan, ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär.

[19] Düşeginde agyrylar bilen, süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalandyrýar.

[20] Şonda näsagyň işdäsi kesilip, ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.

[21] Teni gurap, göze ilmeýär, görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur.

[22] Bir aýagy gabyrdadyr olaryň, bärsinden aňyrsy ýakyndyr.

[23] Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,

[24] oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,

[25] goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.

[26] Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.

[27] Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.

[28] Ol janymy gabyrdan gutardy, indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär.

[29] -

[30] Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary öwran-öwran gaýtalaýar.

[31] Üns ber, Eýýup, maňa gulak goý, ümsüm bol, men gepläýin.

[32] Eger aýtjak zadyň bolsa aýt, geple, çünki men seni aklamak isleýän.

[33] Ýogsa-da maňa gulak goý, ümsüm bol, men saňa paýhaslylyk öwredeýin».

Eýýup — Chapters