Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:56

[1] «Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.

[2] Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.

[3] Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?

[4] Eýsem Seniň gözleriň ynsan gözlerimi? Ynsanyň görşi dek görýäňmi?

[5] Günleriň ynsanyň günleri ýaly däldir, ynsanyň ýyllary ýaly däldir ýyllaryň,

[6] Şonda-da etmiş agtarýarsyň, günä gözleýärsiň menden.

[7] Ýazyksyzdygymy, eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.

[8] Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.

[9] Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?

[10] Meni süýt kimin dökmänmidiň? Peýnir kimin gataltmanmydyň?

[11] Meni süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň, et hem deri bilen örtdüň.

[12] Maňa ýaşaýyş berdiň, merhemet etdiň, aladaň janymy gorap saklady.

[13] Emma bulary ýüregiňde gizlediň, hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.

[14] Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.

[15] Günäli bolsam, dat günüme! Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok, çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.

[16] Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.

[17] Täzeden maňa hüjüm edýärsiň, maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar, garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.

[18] Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym.

[19] Käşgä dünýä asla inmedik bolsadym, ejemiň göwresinden göni gabra taşlanardym.

[20] Günlerim gysgadyr, meni öz günüme goý!

[21] -

[22] Garaňky, tüm garaňky dünýä, zulmatdan, tümlükden doly dünýä. Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».

Eýýup — Chapters