Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:02

[1] «Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr.

[2] Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.

[3] Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?

[4] Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!

[5] Ynsanyň güni sanalgydyr, aýlarynyň sany kesgitlenendir, olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.

[6] Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý, iş gününi soňlan işçi dek dynç alsynlar.

[7] Hatda agaja-da umyt bardyr, ol çapylsa, ýene gögerer, pudaklary egsilmez.

[8] Köki ýerde garrap, töňňesi toprakda gurap gitse-de,

[9] suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, ýaş agaç kimin şahalaýar.

[10] Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar.

[11] Köl suwlarynyň guraýşy, derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,

[12] ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, ukularyndan turuzylmaz.

[13] Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!

[14] Ynsan öler-de, direlermi? Men tä azat edilýänçäm, azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.

[15] Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.

[16] Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.

[17] Ýazygym torba salnyp möhürlener, etmişimiň üstüni örtersiň.

[18] Dag opurylyp, weýran bolýar, gaýa ýerinden goparylýar;

[19] suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.

[20] Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň, olar ýok bolýarlar, ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.

[21] Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.

[22] Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup, diňe özleri üçin ýas tutýarlar».

Eýýup — Chapters