[1] Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
[2] «Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
[3] Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
[4] Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?
[5] Erbetligiň ummasyz, etmişleriň tükeniksiz dälmi?
[6] Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň, eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
[7] Ýadawa içmäge suw bermediň, açdan çöregiňi gysgandyň.
[8] Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr, hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
[9] Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň, ýetimleri ezdiň.
[10] Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar, duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.
[11] Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, sil gelip, seni gark edýär.
[12] Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
[13] Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
[14] Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez, Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
[15] Pisleriň ýörän köne ýoluny tutjakmy?
[16] Olar wagtyndan öň ýygnaldylar, düýplerini suw aldy.
[17] Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý! Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
[18] Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy, pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
[19] Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär, bigünä hem olaryň üstünden gülýär.
[20] Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
[21] Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, şonda haýyr taparsyň.
[22] Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, sözlerini ýüregiňde sakla.
[23] Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
[24] altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
[25] Gudratygüýçlini öz altynyň, gymmatbaha kümşüň saýsaň,
[26] ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň.
[27] Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň.
[28] Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar.
[29] Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
[30] Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder, olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».