Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:24

[1] Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

[2] «Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin, Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.

[3] Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.

[4] Dogrudanam, sözlerim ýalan däl, garşyňda duran bilimde kämildir.

[5] Elbetde, Hudaý gudratly, hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.

[6] Erbetleri diri goýmaz Ol, ezilenlere adalatlylyk berýär.

[7] Dogrulardan gözüni aýyrmaz, olary şalar bilen tagtda oturdyp, mertebelerini ebedilik beýgeldýär.

[8] Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, azap duzagyna düşürilen bolsalar,

[9] Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny olara aýan etmegi üçindir.

[10] Öwüt-ündewini diňledip, pislikden dönmekligi buýurýar.

[11] Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, günlerini hoşwagtlykda, ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.

[12] Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.

[13] Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.

[14] Ýaşlykda ölüp gidýärler, ömürleri azgynlykda gutarýar.

[15] Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar, muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.

[16] Ol seni hem dertden azat edip, çäksiz giňişlige çykardy, saçagyňy näz-nygmatlardan doldurdy.

[17] Indi sen erbetlere hak bolan jezany çekýäň, hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.

[18] Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, para gyzygyp, ýoldan çykaýma.

[19] Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň seni dertden gutaryp bilermi?

[20] Halklaryň ýer ýüzünden ýok ediljek gijesini arzuw etme.

[21] Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.

[22] Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?

[23] Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?

[24] Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.

[25] Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi, her kes oňa uzakdan seredýär.

[26] Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.

[27] Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap, ýagyş damjalaryna öwürýär.

[28] Bulutlardan ýagyş ýagýar, ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.

[29] Bulutlaryň ýaýradylyşyna, asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?

[30] Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar, deňizleriň düýbüne çenli örtýär.

[31] Hudaý halky şeýle dolandyrýar, olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.

[32] Ýyldyrymy Öz elinde saklap, Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.

[33] Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar, hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär.

Eýýup — Chapters