[1] Elihu şeýle diýdi:
[2] «Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“ diýmäň dogry däl Eýýup!
[3] Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar? Günäsizlikden näme peýda gördüm?“ diýýärsiň.
[4] Men seni we dostlaryňy jogapsyz galdyrmaryn.
[5] Göklere seredip gör, bulutlara göz gezdir, olar senden belent.
[6] Günä eden bolsaň, Hudaýa näme zyýany bar? Ýazygyň köpelse, Hudaýa zeleli näme?
[7] Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar, Onuň saňa mätäçligi näme?
[8] Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär, dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.
[9] Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler, güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.
[10] Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?
[11] Ol bize ýer ýüzündäki haýwanlardan köp öwredýär, bizi gökdäki guşlardan akylly edýär“ diýmeýär.
[12] Ýamanlyk edýänleriň tekepbirligi zerarly, olar nalyş edende, Hudaý jogap bermeýär.
[13] Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär, Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.
[14] Hudaýy görmeýärin diýseň-de, dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.
[15] Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär, günä gaty üns bermeýär diýip,
[16] Eýýup biderek sözläp, hiç zat bilmezden gepini köpeldýär».