Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:51

[1] Eýýup şeýle diýdi:

[2] «Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!

[3] Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?

[4] Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz, menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Size garşy akgynly sözläp, başymy ýaýkardym.

[5] Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.

[6] Geplesem-de derdim ýeňlemeýär, dymanym bilen janym aram tapmaýar.

[7] Ýa Hudaý, Sen meni halys tapdan düşürdiň, bütin hojalygymy weýran etdiň.

[8] Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.

[9] Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, duşmanymyň gözleri içimden geçýär.

[10] Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, garşyma dil birikdirýärler.

[11] Hudaý meni näletkerdeleriň, pisleriň eline berdi.

[12] Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, meni Özüne nyşana edindi.

[13] Onuň kemançylary daşymy gurşaýar, rehimsizlik bilen böwrümi deşýär, ödümi ýere dökýär.

[14] Bedenimi dilim-dilim edýär, urşujy kimin üstüme topulýar.

[15] Egnime jul tikindim, başymy toza sokdum.

[16] Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, gözümi tüm garaňkylyk örtýär.

[17] Ýöne men jenaýat etmedim, dilegim-de päkdir.

[18] Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme, perýadym asla diňmesin.

[19] Ine, şu pursat şaýadym gökde, hemaýatkärim ýokarda.

[20] Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.

[21] Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!

[22] Barsa-gelmeze giderin birnäçe ýyldan».

Eýýup — Chapters