[1] Nagamly Sopar şeýle diýdi:
[2] «Köp söze jogap berilmesinmi? Ýaňrany sözleri aklasynmy?
[3] Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi? Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
[4] Çünki sen: „Taglymatym sapdyr, men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.
[5] Käşgä indi Hudaý geplesedi, saňa garşy dil ýarsady.
[6] Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
[7] Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
[8] Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
[9] Olaryň ölçegi älemden uzyn, deňizden giňdir.
[10] Eger Ol gelip, seni zyndana atsa, höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?
[11] Çünki Ol ýalançylary bilýändir, Ol pisligi görübem, oňa üns bermezmi?
[12] Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly, akmagyň-da akyly goýalmaz.
[13] Ýüregiňi Oňa bagyşlap, elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
[14] pis işleriňi bes etseň, çadyryňda etmişe orun bermeseň,
[15] şonda sen uýatly başyňy galdyrarsyň, berk durarsyň, gorkmarsyň.
[16] Muşakgatyňy unudarsyň, akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
[17] Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň.
[18] Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
[19] Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
[20] Emma pisler umytdan el üzerler, gaçara ýerleri bolmaz olaryň, umyt uçgunlary söner».