Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:56

[1] «Näme üçin Gudratygüýçli höküme wagt bellemeýär? Näme üçin Ony tanaýanlar bu günleri görmeýärler?

[2] Adamlar araçäk daşlary süýşürýärler, sürüleri ogurlaýarlar-da, bakýarlar.

[3] Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler, dul hatynyň öküzini girew alýarlar.

[4] Mätäçleri ýoldan kowýarlar, ýurduň garyplary olardan bukulýarlar.

[5] Çöldäki gulanlar kimin, ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär, Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler.

[6] Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar, erbetleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar.

[7] Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok.

[8] Daglara ýagan çabgadan ezilýärler, gaýany pena edinip gujaklaýarlar.

[9] Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, garybyň çagasy girew alynýar.

[10] Olar daşarda ýalaňaç enteýärler, aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar.

[11] Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.

[12] Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, jany hasratlylar perýat edýärler, emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.

[13] Ine, ýagtylyga garşy baş göterýänler bar, ýagtylygyň ýoluny tanamaz olar, onuň ýodalaryndan ýöremezler.

[14] Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.

[15] Zyna edýänleriň gözi alagaraňkylykdadyr, hiç kim görmez öýdýärler, ýüzlerini büreýärler.

[16] Gijesine öý talaýarlar, gündizine gizlenýärler, Yşygyň nämedigini bilmeýärler.

[17] Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr, tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.

[18] Pisler suwuň ýüzündäki köpük kimindir, olaryň ýer paýy näletlenendir, hiç kim olaryň üzüm bagyna aýak basmaz.

[19] Guraklygyň we yssynyň gar suwlaryny sorup alşy deý, ölüler dünýäsi-de günäkärleri ýuwudýandyr.

[20] Olary ene ýatgysy unudýar, gurt olary iýip, lezzet alýar, olar hiç kimiň ýadyna düşmeýärler, adalatsyzlyk agaç kimin syndyrylýar.

[21] Pisler önelgesiz aýala sütem edýärler, dul hatyna ýagşylyk etmeýärler.

[22] Hudaý gudraty bilen güýçlüleri ýere çalýar, olar beýgelseler-de, ýaşamaga umytlary galmaz.

[23] Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.

[24] Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar, başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar, däne başlary kimin kesilýärler.

[25] Men nähak bolsam, ýalançylygymy kim subut etjek? Kim sözlerimiň dereksizdigini görkezjek?»

Eýýup — Chapters