Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:19

[1] Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:

[2] «Nadan sözleriň bilen nesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?

[3] Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber!

[4] Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!

[5] Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim?

[6] Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy?

[7] Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.

[8] Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim?

[9] Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.

[10] Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin.

[11] Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.

[12] -

[13] Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi? Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?

[14] Ýer ýüzi möhür basylan toýun, lybas kimin göze görünýär.

[15] Erbetler nurdan mahrum edilýär, ýokary galdyrylan gol döwülýär.

[16] Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi? Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?

[17] Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?

[18] Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.

[19] Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?

[20] Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?

[21] Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Sen näme şol döwürde doguldyňmy?! Şonça ýyllar ýaşadyňmy?

[22] Garyň ammarlaryna girip gördüňmi? Doly ammarlaryna ser saldyňmy?

[23] Olary betbagtly günler üçin, gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.

[24] Ýyldyrymyň nireden gelýänini, gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi?

[25] -

[27] Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, ol ýerde ot bitsin diýip, ýagyş akymlary üçin ýaby, ýyldyrymlara ýol açan kim?

[28] Ýagşyň atasy barmy? Çyg damjalaryny ýaradan kim?

[29] Buz kimiň ýatgysyndan çykdy? Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?

[30] Suwlar gaty daşa dönýär, deňziň ýüzi doňýar.

[31] Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň? Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?

[32] Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň? Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?

[33] Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen? Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?

[34] Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, bulutlara buýruk berip bilermiň?

[35] Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, ýyldyrym çakdyryp bilermiň?

[36] Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?

[37] Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?

[38] Şonda toprak gatap, kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar.

[39] -

[40] Şirler sürenlerine sümen pursady ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka, şir üçin aw awlap bilermiň? Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?

[41] Garga balalary Hudaýa nalyş edip, açlykdan entänlerinde, olary olja bilen üpjün edýän kim?

Eýýup — Chapters