Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:51

[1] «Ruhum syndy, günlerim tamam, maňa gabyr garaşýar.

[2] Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly, gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.

[3] Özüň maňa kepillik bergin, Senden başga maňa kim kepil boljak?

[4] Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň, şonuň üçin olary beýgeltmersiň.

[5] Para üçin dostlaryny satýanlaryň çagalarynyň gözleri kör bolar.

[6] Hudaý meni ile gep etdi, olar ýüzüme tüýkürýärler.

[7] Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, on iki synam çöpe döndi.

[8] Dogruçyl adam derdime aňk bolýar, bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.

[9] Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, eli tämizleriň güýji artar.

[10] Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de, araňyzdan akylly adam tapmaryn.

[11] Günlerim tamam, niýetlerim, ýürek arzuwlarym-‑da puja çykdy.

[12] Olar gijäni gündiz edýärler, „Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.

[13] Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem, düşegimi garaňkylykda ýazsam,

[14] gabra: „Sen atamsyň“, gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,

[15] onda umydym hany? Umydymy görjek kim?

[16] Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi? Meniň bilen bile göre girermi?»

Eýýup — Chapters