Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:14

[1] Eýýup şeýle diýdi:

[2] «Dykgat bilen gulak goýuň sözüme, goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.

[3] Gezek beriň, men gepläýin, sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.

[4] Ynsana arz-şikaýat edýänmi men? Neneň janym ýanmasyn?

[5] Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, eliňizi agzyňyza tutuň.

[6] Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, süňňüme galpyldy aralaşýar.

[7] Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?

[8] Perzentleri ýanlarynda, zürýatlary gözleriniň alnynda.

[9] Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär.

[10] Öküzleri kemsiz örňeýär, sygyrlary guzlýar, göle düşmeýär.

[11] Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar, oglanlary tans edişýärler.

[12] Deprek, lira bilen aýdym aýdyşyp, şatlanýarlar olar tüýdük sesine.

[13] Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip, ölüler dünýäsine asudalykda girýärler.

[14] Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.

[15] Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“

[16] Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!

[17] Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?

[18] Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?

[19] Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.

[20] Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.

[21] Çünki bu dünýäden ötensoňlar, yzlarynda galan hojalygyndan näme gaýgysy bolsun?

[22] Gökdäkilere höküm edýän Hudaýa akyl berip biljek barmydyr?

[23] Biri sagatka ölýär, büs-bütin rahat we gaýgysyz.

[24] Eti-gany ýerinde bolup, süňkleri ýilikden doludyr.

[25] Beýleki biri dert çekip, gowulyga gözi düşmän ölýär.

[26] Olar toprak astynda bile ýatýarlar, üstlerini gurtlar basýar.

[27] Bilýän men siziň pikirleriňizi, garşyma edýän dildüwşükleriňizi.

[28] Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.

[29] Ýolagçylardan soramadyňyzmy? Şaýatlyklaryna gulak asmadyňyzmy?

[30] Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.

[31] Pisleriň hereketlerini kim ýüzlerine basjak? Etmişlerine görä kim olara jeza berjek?

[32] Olar gabra getirilende, mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar.

[33] Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr, hemmeler olaryň yzyna düşerler, olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.

[34] Siz boş sözleriňiz bilen maňa näme teselli berjek? Bar diýýän zatlaryňyz galpdyr».

Eýýup — Chapters