Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:39

[1] Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

[2] «Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,

[3] içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka,

[4] haky sözlärin diňe, dilime alman nähak söz.

[5] Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.

[6] Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.

[7] Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe, garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün!

[8] Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun?

[9] Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi?

[10] Gudratygüýçlüden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?

[11] Size Hudaýyň gudratyny, ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.

[12] Muny öz gözüňiz bilen gördüňiz, näme üçin beýle boş gürrüň edýäňiz?

[13] Şudur Hudaýyň erbetlere berjek paýy, Gudratygüýçliniň zalymlara berjek mirasy:

[14] Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar, zürýatlary-da açlykdan.

[15] Aman galanlary gyrgyndan ölüp gömlerler, dul hatynlary ýasyn tutmaz olaryň.

[16] Kümşi çäge kimin ýygnap, geýim baryn toplasalar-da,

[17] dogruçyllar geýer olary, bigünäler paýlaşarlar ol kümüşleri.

[18] Höwürtgeler ýaly, sakçyň çatmasy ýaly dikýärler öýlerini.

[19] Barly baýlyk bilen uka gidenem bolsa, gözüni açanda, tapmaz baýlygyn.

[20] Olary gorky basýar sil kimin, gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.

[21] Sörtük ýeli öz ugruna göterip äkidýär, olary öz mesgenlerinden süpürip taşlaýar.

[22] Gazap bilen üstlerine okdurylýar ýel, bu gazaply ýelden gaçmaga synanyşýarlar.

[23] Ýel olara el çarpyp, ýerinden sykylyk atýar».

Eýýup — Chapters