[1] Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
[2] «Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň, eý, bilimsekler, meni diňläň.
[3] Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
[4] Geliň, hakykaty saýlalyň, ýagşyny birlikde öwreneliň.
[5] Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
[6] Men hak bolsam-da, ýalançy saýylýaryn, ýazyksyz bolsam-da, derdime em ýok“ diýdi.
[7] Eýýup ýaly adam barmy? Ol ýaňsylamany suw dek içýär.
[8] Pislik edýänler bilen ülpet bolup, erbetler bilen tirkeşýär.
[9] Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek ynsana peýda bermez“ diýýär.
[10] Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?
[11] Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.
[12] Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez, Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.
[13] Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim? Bütin dünýäni Onuň ygtyýarynda goýan kim?
[14] Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa,
[15] bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler.
[16] Düşünjäň bolsa, diňle, sözüme gulak goý.
[17] Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?
[18] Ol patyşa: „Sen deýýus“, beglere: „Siz pis“ diýýär.
[19] Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.
[20] Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.
[21] Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.
[22] Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.
[23] Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
[24] Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp, ýerlerine başgalary goýýar.
[25] Hudaý olaryň etmişlerini bilip, bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.
[26] Hudaý olary pisligi üçin hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.
[27] Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.
[28] Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.
[29] Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
[30] hudaýsyz adam şalyk sürüp, halka duzak gurmasyn.
[31] Hudaýa: „Jezamy çekdim, indi pis iş etmerin.
[32] Görmeýänimi maňa öwret, etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?
[33] Hudaý isleýşiňe görä saňa adalatlylyk bersinmi? Sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, şonuň üçin bilýäniňi aýt.
[34] Düşünjesi bolanlar, meni diňleýän akyldarlar:
[35] „Eýýup bilmezden gürleýär, onuň sözleri manysyz“ diýerler.
[36] Erbetler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin, Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!
[37] Çünki ol günäsine günä goşýar, aramyzda kinaýaly el çarpyp, Hudaýa garşy gepini köpeldýär».