[1] «Emma indi ýaşkiçiler, üstümden gülýärler, atalaryny sürimi goraýan itleriň ýanynda goýmaga-da laýyk görmezdim.
[2] Olardan maňa ne peýda bar? Bileklerinde kuwwat ýok.
[3] Olar mätäçlikden, açlykdan ýaňa gije çölde, harabalykda ýer gemirýärler.
[4] Çöldäki ajy otlary ýygýarlar, iýmitleri sübseligiň köküdir.
[5] Olar halk arasyndan kowulýarlar, halk ogrular ýaly olaryň üstüne gygyryşýar.
[6] Jülgedäki gowaklarda, ýerdäki çukurlarda, gaýalaryň arasynda mesgen tutýarlar.
[7] Çalylar arasynda uwlaşyp, tikenekler astynda biri-birlerine dyknyşýarlar.
[8] Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.
[9] Indi olaryň ogullary meni nagma bilen ýaňsylaýarlar, men olar üçin gülki bolup galdym.
[10] Meni ýigrenýärler, menden gaça durýarlar, ýüzüme tüýkürmegi-de hiç zatça görmeýärler.
[11] Ýaýymyň kirşini kesip, Hudaýyň maňa ejir çekdirendigi üçin, olar gözümiň alnynda islänini edýärler.
[12] Äjit-mäjitler sagymdan hüjüm edip, aýaklarymy büdredýärler, basyp almak üçin, ýollary taýýarlaýarlar.
[13] Ýolumy bekläp, meni ýok etmäge çalyşýarlar, olary togtadýan ýok.
[14] Diwar gädiklerinden geçip, harabalygyň arasyndan üstüme topulýarlar.
[15] Üstüme howp abanýar, şan-şöhratym ýele sowrulýar, hoşwagtlygym bulut kimin geçip gitdi.
[16] Indi janym takatdan düşdi, meni muşakgatly günler gurşap aldy.
[17] Gijesine süňňüm syzlaýar, janymy gemirýän agyrylar dynuwsyzdyr.
[18] Hudaý gazap bilen ýakamdan tutýar, ezenegimden ýapyşýar.
[19] Hudaý meni laýa batyrdy, toza, küle döndüm men.
[20] Saňa ýalbarýan, maňa jogap bermeýäň, aýaga galýan, Sen gözüňi diňe maňa dikýäň.
[21] Maňa rehimsizlik etdiň, güýç-gudratyň bilen meni ezýäň.
[22] Meni galdyryp, ýele kowaladýaň, gaý içinde derbi-dagyn edýäň.
[23] Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.
[24] Medet diläp perýat edýäne, betbagta garşy el galdyrmak bolmaz ahyryn!
[25] Gara günliniň halyna aglamadymmy? Ýoksullar üçin ýüregim gyýym- -gyýym bolmadymy?
[26] Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.
[27] Içim ot alyp, ynjalyk tapmaýar, muşakgatly günler başyma düşýär.
[28] Güneşsiz hamym garalýar, jemagat arasynda durup, perýat edýärin.
[29] Şagallara gardaş, düýeguşlara ýoldaş boldum.
[30] Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.
[31] Liramyň owazy ýasa, tüýdügimiň owazy agy sesine dönýär».