[1] «Elbetde kümşüň käni, altynyň eredilýän göweji bardyr.
[2] Demir ýerden alynýar, mis daşdan eredilýär.
[3] Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, zulmatda mis agtaryp, tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
[4] Ynsan aýagy degmedik ýerlerde, ýüplerden aşak sallanyp, ilatsyz ýerde magdan gazýar.
[5] Ýerden çörek önýär, asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
[6] Daşlary gök ýakudyň mekany, topragynda altyn bar.
[7] Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir, oňa algyryň gözi düşmedik asla.
[8] Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler, arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
[9] Magdançylar gaýalary agtaryp, daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
[10] Gaýalaryň içinden magdan gazyp alýarlar, gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
[11] Çeşmeleriň akymyny togtadyp, gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
[12] Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
[13] Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan, tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
[14] Çuňluk: „Ol mende ýokdur“ diýýär, deňiz: „Ol mende däl“ diýýär.
[15] Ne sap altyna, ne-de kümşe, çalşyp bolýar ony.
[16] Opyr altyny, gymmatbaha hakyk, gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
[17] Ne altyn, ne-de göwher oňa taý geler, ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
[18] Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn, paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
[19] Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez, hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
[20] Onda paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
[21] Ähli janly-jandardan gizlenýändir ol, gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
[22] Heläkçilik we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
[23] Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
[24] Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
[25] Ýeliň agramyny kesgitläp, suwlary ölçege görä paýlanda,
[26] ýagyş ýagdyryp, gök gübürdisine ýol açan wagty,
[27] Ol paýhasy görüp, yglan etdi, ony tassyklady, soňam synady.
[28] Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».