[1] Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
[2] «Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!
[3] Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
[4] Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, çadyrymy gorapdy.
[5] Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, çagalarymyňam bary töweregimdedi.
[6] Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, gaýadan zeýtun ýagy akardy!
[7] Şäher derwezesine baranymda, meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,
[8] ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler, garrylar-da ör turardylar.
[9] Han-begler-de gürrüňlerini bes edip, elleri bilen agyzlaryny tutardylar.
[10] Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy, olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.
[11] Sözümi eşiden meni öwerdi, gören-de, meni taryplardy.
[12] Çünki men haraý islän garyby, kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
[13] Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.
[14] Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, ol meni örtdi; adalatym bolsa don we selle kimindi.
[15] Körlere gözdüm, agsaklara-da aýakdym.
[16] Garyplara atadym, ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
[17] Erbetleriň äňini ýazdyryp, awuny agyzlaryndan alardym.
[18] Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, öz öýümde asudalykda ölerin.
[19] Köklerim suwlara tarap ýaýrap, şahalaryma bütin gije çyg düşýär.
[20] At-abraýym könelmez, ýaýym elimde bolar elmydam“.
[21] Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup, maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.
[22] Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.
[23] Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.
[24] Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar, nurana ýüzümden ruhlanardylar.
[25] Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, leşgerleriň arasyndaky şa kimin, ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».