[1] Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:
[2] «Seniň bilen sözleşmäge synanyşsak, saňa agyr degmezmi? Geplemekden saklanyp bilýän barmy näme?
[3] Ine, sen köplere tälim berdiň, ejizlere medet berdiň.
[4] Sözleriň büdreýänlere goldaw boldy, ikirjiňlenýänleri berkitdiň.
[5] Emma indi öz başyňa gelende, ruhdan düşýäň, bela uçraňda, özüňi ýitirýäň.
[6] Ynamyň Hudaýdan gorkmakda, umydyň päk durmuşda dälmi?
[7] Ýadyňa sal, heý, bigünäniň ýogalany barmy? Dogruçyllaryň heläk bolany barmy?
[8] Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar.
[9] Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar.
[10] Arslanyň arryldysy, gazaply şiriň sesi kesilýär, çaga arslanlaryň dişleri syndyrylýar.
[11] Güýçli arslan awsyzlykdan heläk bolýar, ene arslanyň çagalary pytradylýar.
[12] Maňa gizlinlikde bir söz geldi, gulagyma bir pyşyrdy ildi.
[13] Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde, ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,
[14] meni gorky, titreme gaplady, bütin bedenim sarsdy.
[15] Bir ruh ýüzümi syryp geçip gitdi, endamymyň tüýleri syh-syh boldy.
[16] Ol ümsüm durdy, ýöne onuň keşbini saýgaryp bilmedim. Gözümiň alnynda bir syrat durdy, ümsümlikdi, soň bir ses eşitdim:
[17] „Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?
[18] Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär, Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.
[19] Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
[20] Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar.
[21] Olaryň ömür tanaplary kesilip, dünýäden paýhassyz ötüp gidýärler“».