Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:23

[1] Eýýup şeýle diýdi:

[2] «Haçana deňeç meni gynap, sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?

[3] On mertebe göwnüme degdiňiz, utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge?

[4] Dogrudanam, hata iş eden bolsam, hatam öz boýnuma.

[5] Özüňizi öňümde ýokary tutup, aýybymy ýüzüme ursaňyz,

[6] şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.

[7] „Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok. Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.

[8] Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, ýodalarymy garaňkyratdy.

[9] Meni at-abraýdan düşürip, başymdan täjimi aldy.

[10] Meni çar tarapdan gysyp- -gowurdy, sandan galdym, umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.

[11] Ol maňa gazaplanýar, meni Özüne duşman saýýar.

[12] Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler, maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar, çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.

[13] Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy, tanyşlarym maňa ýat boldular.

[14] Ýakynlarym meni ret etdiler, dostlarym meni unutdylar.

[15] Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, olaryň gözüne men bir keseki.

[16] Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.

[17] Demim aýalymda ýigrenç döredýär, öz maşgalam meni ýigrenýär.

[18] Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.

[19] Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.

[20] Diňe ham bilen süňke öwrüldim, ölümiň bäri ýanynda durun men.

[21] Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.

[22] Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?

[23] Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!

[24] Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!

[25] Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.

[26] Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.

[27] Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, öz gözlerim bilen görerin, ýüregim üzülip barýar.

[28] „Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,

[29] siz gylyçdan heder ediň, çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».

Eýýup — Chapters