[1] Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
[2] «Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi? Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
[3] Ol biderek gep bilen, dereksiz sözler bilen dawa- -jenjel turzarmy?
[4] Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
[5] Etmişiň gepiňe täsir edýär, hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
[6] Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň, dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
[7] Ilki doglan ynsan senmisiň? Daglardan öň ýaradyldyňmy?
[8] Hudaýyň mejlisini diňlediňmi? Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
[9] Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň? Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
[10] Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr, olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-‑da uludyr.
[11] Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
[12] Ýüregiň nämä möwç alýar? Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
[13] Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
[14] Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?
[15] Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.
[16] Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
[17] Diňle meni, saňa düşündireýin, görenimi beýan edeýin,
[18] akyldarlaryň aýdanlaryny, ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
[19] (Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk ata-babalara berlendi.)
[20] Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler, zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
[21] Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
[22] Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, olaryň takdyry gylyçdyr.
[23] „Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler, garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
[24] Alada we horluk olary gorkuzýar, söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
[25] Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär, Gudratygüýçlä garşy çykýar.
[26] Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp, Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
[27] Ýüzlerinden ýag damyp, billerini ýag alsa-da,
[28] weýran edilen şäherlerde, harabaçylyga öwrülen, oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
[29] Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez, mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
[30] Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.
[31] Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar, çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
[32] Wagtyndan öň işi gaýdar, pudaklary gögermez.
[33] Gök üzümleri dökülen üzüm agajy, gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
[34] Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
[35] Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».