Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:11

[1] Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.

[2] Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.

[3] Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Hudaý günäkär ýaly bolup göründi.

[4] Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy.

[5] Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.

[6] Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry, şonuň üçin men çekindim, öz pikirimi aýtmaga gorkdum.

[7] Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler, ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.

[8] Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.

[9] Paýhas diňe gojalarda däldir, hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.

[10] Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň, men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.

[11] Ine, men sözleriňize garaşdym, aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz, parasatly gepiňize gulak asdym.

[12] Sizi dykgat bilen diňledim, emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz, hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.

[13] Siz: „Biz paýhas tapdyk, ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.

[14] Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi, oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.

[15] „Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler, söz tapmaýarlar aýtmaga.

[16] Olardan ses-seda çykmaýar, olar jogapsyz durlar“ diýip, men garaşaýynmy indi?

[17] Men-de öz jogabymy bererin, öz pikirimi beýan ederin.

[18] Çünki men sözden doly, içimdäki ruh meni gyssaýar.

[19] Ine, içim açylmadyk şerap kimin, täze meşik kimin ýarylyp barýar.

[20] Gepläp, içimi sowadaýyn, dil açyp, saňa jogap bereýin.

[21] Adamdan ýüz görmerin, ýaranjaňlyk etmen hiç kime.

[22] Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».

Eýýup — Chapters