Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:35

[1] Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:

[2] «Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, mundan artyk saklanyp bilmerin.

[3] Sözleriň bilen meni kemsidýäň, düşünjäm saňa jogap berdirýär.

[4] Owaldan bäri, ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?

[5] Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.

[6] Olaryň boýy hatda göklere ýetip, başlary bulutlara degse-de,

[7] pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.

[8] Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.

[9] Bir gören göz gaýdyp görmez olary, mekany-da olary ikilenç görmez.

[10] Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.

[11] Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, olar bilen toprak astynda ýatarlar.

[12] Hatda ýamanlyk agza datly görnüp, ony diliniň astynda gizleseler-de,

[13] ýamanlygy saklap, goýbermän, agyzlarynda saklasalar-da,

[14] iýenleri aşgazanynda turşar, içlerinde ýylanyň zäherine döner.

[15] Baýlygy ýuwudyp, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.

[16] Ýylanlaryň zäherini sorarlar, alahöwreniň dişi olary öldürer.

[17] Akar suwlaryň, baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.

[18] Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, eden söwda-satygyndan haýyr görmezler.

[19] Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, öz gurmadyk öýlerini eýelediler.

[20] Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, arzyly zatlary olary halas etmez.

[21] Iýenlerinden artany bolmady, munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.

[22] Bollukda azap çekerler, depelerinden muşakgat iner.

[23] Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.

[24] Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, bürünç ýaý içlerinden parran geçer.

[25] Ok içlerinden böwsüp geçer, ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, üstlerine howp abanar.

[26] Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolar, üflenmedik ot olary ýuwudar, çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.

[27] Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, bütin älem-jahan olara garşy çykar.

[28] Hudaýyň gazap güni öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.

[29] Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».

Eýýup — Chapters