[1] Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi.
[2] Ol şeýle diýdi:
[3] «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin!
[4] Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, onuň üstüne ýagty düşmesin!
[5] Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn!
[6] Şol gijäni zulmat gaplasyn, ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
[7] Goý, ol önelgesiz gije bolsun, onda şatlykly owaz eşidilmesin!
[8] Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler!
[9] Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, yşyga umyt baglasyn, ýöne yşyk bolmasyn, daň şapagyna ýüzi düşmesin!
[10] Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.
[11] Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
[12] Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!
[13] Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym.
[14] Haraba öwrülen binalary guran dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
[15] öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
[16] Näme üçin öli doglan çaga dek, ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?!
[17] Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar.
[18] Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
[19] Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.
[20] Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, kalby hasratla-da ömür berilýär?
[21] Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
[22] Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar, joşup, şowhun edýärler.
[23] Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
[24] Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
[25] Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, heder edenim-de üstümden inýär.
[26] Mende ne rahatlyk bar, ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar, diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».