Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:31

[1] «Bularyň baryny gözlerim gördi, gulagym eşidip, düşündim.

[2] Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, men sizden kem däldirin.

[3] Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.

[4] Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.

[5] Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!

[6] Diňläň meniň delillerimi, gulak goýuň meniň çekişmelerime!

[7] Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?

[8] Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak? Onuň üçin dawa etjek?

[9] Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?

[10] Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz, Ol sizi hökman jezalandyrar.

[11] Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip, gorkusy üstüňize abanmazmy?

[12] Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir, delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.

[13] Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, men başa gelenini göreýin.

[14] Tenimi dişim bilen tike-tike edip, janymy öz elimde goýaýyn.

[15] Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.

[16] Ine, şu meniň gutulyşym bolar, çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.

[17] Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.

[18] Men dawamy taýýarladym, aklanjagymy bilýärin.

[19] Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.

[20] Ýa Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, şonda men Senden gizlenmerin:

[21] Menden eliňi çek, meni Öz howpuňdan azat et.

[22] Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin, ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.

[23] Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.

[24] Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, meni Özüňe duşman saýýarsyň?

[25] Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi? Gury samany kowalajakmy?

[26] Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň, ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.

[27] Aýaklaryma künde urýarsyň, her bir ädimimi garawullap, aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.

[28] Ynsan bir çüýrän zat, güýe degen eşik kimin dargaýar».

Eýýup — Chapters