[1] Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
[2] «Haçana deňeç şeýle gürlejek? Agzyňdan çykýan sözler güýçli şemal deý dereksiz.
[3] Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?
[4] Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsalar, Hudaý-da olara ýazyklaryna görä jeza berendir.
[5] Eger Hudaýy agtarsaň, Gudratygüýçlä ýalbarsaň,
[6] päk we dogruçyl bolsaň, elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar, sylaglap, hojalygyňy dikelder.
[7] Öňüň ujypsyz-da bolsa, soňuň beýik bolar.
[8] Owalky nesillerden sora-da, olaryň ata-babalarynyň derňewine nazar sal.
[9] Çünki biz düýnkilerdiris, bilýän zadymyz ýokdur, ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.
[10] Olar saňa öwretmezlermi, aýtmazlarmy, ýüreklerindäki sözleri dile getirmezlermi?
[11] Batgasyz ýerde gargy bitermi? Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
[12] Olar entek gökkä, orulmanka, otlardan öň guraýarlar.
[13] Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, hudaýsyzyň umydy öler.
[14] Bil baglaýany berk däldir, daýanýany möýüň kerebi kimindir.
[15] Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar, oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar.
[16] Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin, olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar.
[17] Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp, daşlaryň arasynda ýatýandyr.
[18] Eger ýerlerinden goparylsa, ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer.
[19] Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň, olaryň ýerini başgalar tutarlar.
[20] Hudaý akýüreklini terk etmez, pislik edýäne ýardam bermez.
[21] Ol ýene agzyňy gülküden, lebleriňi şadyýan owazdan doldurar.
[22] Duşmanlaryň uýada galar, ýamanlaryň çadyry weýran bolar».