Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:03

[1] Eýýup şeýle diýdi:

[2] «Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän, Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr.

[3] Wah, Hudaýy nireden tapmalydygyny bir bilsedim, Onuň mesgenine barardym.

[4] Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim, dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.

[5] Onuň maňa berjek jogabyny bilerdim, aýtjak zadyna düşünerdim.

[6] Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy.

[7] Dogruçyl adam huzurynda Onuň bilen dawalaşyp biler, men Hökümdarymyň ýanynda hakykat gazanardym.

[8] Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok, günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin.

[9] Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.

[10] Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.

[11] Hudaýy ädimme-ädim yzladym, Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.

[12] Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.

[13] Hudaý karar çykarýar, kim Oňa garşy çykyp biler? Ol islän zadyny edýär.

[14] Ýüregine düwenlerini eder Ol, olaryň ýene, gör, näçesi Onda bardyr.

[15] Şonuň üçin Onuň bilen ýüzbe- -ýüz bolmakdan eýmenýän, pikir edenimde, Ondan gorkýaryn.

[16] Hudaý meniň ýüregimi ejizletdi, Gudratygüýçli meni eýmendirdi.

[17] Garaňkylyk meni ýok etsedi, ýüzümi zulmat örtsedi».

Eýýup — Chapters