Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:57

[1] «Ynsanlaryň ýerdäki durmuşy juda müşgil dälmi? Güzerany günlükçiniň güzerany ýaly dälmi?

[2] Kölegäni küýseýän gul, muzduna garaşýan günlükçiler kimin,

[3] kysmatyma boş aýlar ýazyldy, Muşakgatly gijeler bellenildi.

[4] Düşegime geçip: „Haçan turarkam?!“ diýýän, emma gije gutarnyksyz gijä öwrülýär, ikiýana urnup, daňymy atarýan.

[5] Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir, hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.

[6] Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt, olar umytsyzlykda geçip barýar.

[7] Unutma, eý, Hudaý, ömrüm bir demdir, gaýdyp ýagşylyga gözüm düşmez.

[8] Gözleriň meni şu pursat görýär, ýöne mundan beýläk meni görmersiň, gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň.

[9] Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý, ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar.

[10] Öýlerine gaýdyp gelmezler, öz mekanlary olary tanamaz.

[11] Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, janymyň ýangyjyna geplejek, ajy hasrat bilen şikaýat etjek.

[12] Meni göz astynda saklaryň ýaly, men deňiz ýa deňiz aždarhasymy näme?

[13] Düşegim maňa teselli berer, çarpaýam zeýrenjimi diňdirer diýsem,

[14] meni düýşler bilen gorkuzýaň, görnüşler bilen ýüregimi ýarýaň.

[15] Şu tende ýaşandan, boglup ölenim gowudyr.

[16] Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin, meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir.

[17] -

[18] Ynsanlary beýgeldip, olara üns bereriň ýaly, her säher idäp, her salym synaryň ýaly, olar kim bolupdyrlar?

[19] Haçana deňeç meni göz astynda saklajak, tüýküligimi ýuwutmaga-da ýeke goýjak dälmi indi?

[20] Günä etsem, Saňa zeleli näme, eý, ynsan Gözegçisi? Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň? Näme üçin men Saňa ýük boldum?

[21] Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».

Eýýup — Chapters