[1] «Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek?
[2] Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.
[3] Kök urýan akmaklary gördüm, emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
[4] Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, adalatdan mahrum edilýärler olar, howandarlyk edýän ýokdur olara.
[5] Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.
[6] Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, hasrat-da ýerde bitmez.
[7] Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar.
[8] Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym.
[9] Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.
[10] Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, meýdanlary suwarýan-da Oldur.
[11] Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, gussalylar howpdan dynýar.
[12] Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.
[13] Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
[14] Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
[15] Ol mätäçleri gylyçdan, güýçlüleriň dilinden hem elinden halas edýär.
[16] Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar.
[17] Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.
[18] Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
[19] Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.
[20] Ol seni açlykda ölümden, uruşda gylyçdan gutarar.
[21] Ol seni duzly dilden gorar, gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň.
[22] Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, ýabany haýwanlardan heder etmersiň.
[23] Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň.
[24] Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň, süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar.
[25] San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
[26] Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek sen hem gabra gojalyp girersiň.
[27] Derňew geçirdik, bu hakykatdyr, muny diňle-de, özüň üçin belläp al».