Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:37

[1] Eýýup şeýle jogap berdi:

[2] «Wah, derdim ölçelsedi, betbagtlygym terezide çekilsedi!

[3] Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.

[4] Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.

[5] Gulan otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?

[6] Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?

[7] Beýle naharlara işdäm ýok, bular ýüregimi bulaýarlar.

[8] Wah, arzuwym hasyl bolup, Hudaý maňa umyt bersedi!

[9] Kerem edip, Hudaý janymy alsady, elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!

[10] Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.

[11] Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?

[12] Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim?

[13] Alaçsyz galanymda, özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?

[14] Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.

[15] Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, akar suwly çeşmeler kimindir.

[16] Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, gar suwlaryndan dolýarlar.

[17] Jöwzada çeşmeler guraýarlar, yssyda gaýyp bolýarlar.

[18] Kerwenler ýollaryndan sowlup, suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.

[19] Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylary umytda bolýarlar.

[20] Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.

[21] Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.

[22] Men size: „Maňa zat beriň, baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?

[23] „Meni duşman elinden halas ediň, meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?

[24] Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn, ýalňyşymy düşündiriň.

[25] Dogry sözler güýçlüdir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?

[26] Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi? Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?

[27] Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz, dostuňyza baha kesersiňiz.

[28] Indi merhemet edip, maňa serediň, ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.

[29] Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.

[30] Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»

Eýýup — Chapters