[1] Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri
[2] Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
[3] Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme.
[4] Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, çakyr hökümdarlara gelişmez.
[5] Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
[6] Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
[7] Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn.
[8] Agzyňy dilsizler üçin, hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
[9] Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
[10] Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
[11] Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, hiç zada mätäç bolmaz.
[12] Ol ärine ýamanlyk däl-de, bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
[13] Ýüňi we zygyry saýlaýandyr, elleri höwes bilen işleýändir.
[14] Ol söwda gämileri ýaly, içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
[15] Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
[16] Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr, eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
[17] Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr.
[18] Harydynyň peýdasyny bilýändir, çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
[19] Elini çarha goýýandyr, barmaklary igi tutýandyr.
[20] Garyba eli açykdyr, mätäje elini uzadýandyr.
[21] Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
[22] Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
[23] Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
[24] Keteniden lybaslar tikip satýandyr, söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
[25] Güýç hem hormat onuň lybasydyr. Geljege seredip guwanýandyr.
[26] Danalyk bilen sözleýändir, dilinde oňat öwütler bardyr.
[27] Içerisiniň işlerine oňat seredýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
[28] Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr, äri hem turup, ony taryplaýandyr:
[29] «Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
[30] Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
[31] Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.