[1] Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.
[2] Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.
[3] Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:
[4] «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa şeýle diýýär:
[5] «Gel, meniň nanymdan iý, taýýarlan şerabymdan iç.
[6] Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».
[7] Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer, erbetlik edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.
[8] Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer.
[9] Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.
[10] Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
[11] Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar.
[12] Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.
[13] Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir.
[14] -
[15] Öýüniň gapysynyň alnynda, şäheriň belent ýerinde oturyp, ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:
[16] «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa:
[17] «Ogurlyk suw süýjüdir, gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.
[18] Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.