[1] Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir?
[2] Danalyk ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde, ýodalaryň çatrygynda durýar.
[3] Ol şäher derwezeleriniň agzynda, girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:
[4] «Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn, çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.
[5] Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.
[6] Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn, dogryny beýan edýärin.
[7] Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär, agzym ýalany ýigrenýär.
[8] Bar sözüm dogrudyr, ýokdur egri-ýalany.
[9] Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr, bilim tapanlar üçin dogrudyr.
[10] Kümşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al.
[11] Çünki danalyk jöwherden gowudyr, hiç arzyly zat oňa taý gelmez.
[12] Men danalykdyryn, pähim-‑paýhas bilen ýaşaýaryn, bilim hem akyllylyk mendedir.
[13] Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.
[14] Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.
[15] Men arkaly patyşalar şalyk edýärler, hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.
[16] Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler meniň üstüm bilen höküm sürýärler.
[17] Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.
[18] Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk we adalat mendedir.
[19] Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr, meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.
[20] -
[21] Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
[22] Reb owal başda meni emele getirdi, Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim.
[23] Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.
[24] Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym.
[25] -
[26] Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy.
[27] Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim.
[28] Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
[29] suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly,
[30] bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym. Her gün Onuň begenjidim, Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym.
[31] Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym, ynsan ogullaryna begendim.
[32] Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!
[33] Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň, ony harlamaň.
[34] Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!
[35] Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar.
[36] Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».