[1] Massaly Ýakeniň ogly Aguryň wajyp sözleri Şol adam Itiýele sargaýar, Itiýele we Ukala şeýle diýýär:
[2] Men adam bolardan samsyk, ynsan düşünjesi mende ýok.
[3] Ne danalygy öwrendim, ne Mukaddesi bildim.
[4] Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?
[5] Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.
[6] Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.
[7] Men Senden iki zat diledim, ölmänkäm olary menden gaýgyrma:
[8] Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
[10] Hyzmatkäri hojaýynyna ýamanlama, ýogsa saňa gargyş eder, sen ýazykly çykarsyň.
[11] Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.
[12] Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.
[13] Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.
[14] Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.
[15] Sülügiň iki gyzy bar: «Ber! Ber!» diýip gygyrýar. Üç zat bardyr, hiç doýmaz, has takygy dört zat «Besdir» diýmez:
[16] Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy, suwdan ganmaýan toprak, «Besdir» diýmeýän ot.
[17] Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.
[18] Meni haýran galdyrýan üç zat bar, dogrusy dört zada akylym ýetmeýär:
[19] Gökde bürgüdiň ýoly, gaýada ýylanyň ýoly, deňizde gäminiň ýoly, ýigidiň ulugyza bolan ýoly.
[20] Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir: Ol iýýändir, agzyny süpürip: «Ýaman iş edemok» diýýändir.
[21] Üç zatdan ýer sarsýandyr, ýagny dört zady göterip bilmeýär:
[22] Gul patyşa bolanda, akmak iýmitden doýanda,
[23] Halanmaýan garry gyz äre çykanda, gyrnak bikesiniň ornuny eýeläninde.
[24] Dünýäde dört maýda zat bar. Ýöne olar gaty akyllydyrlar:
[25] Garynjalar güýçli jandar däldirler, azygyny welin tomusda taýýarlaýandyrlar.
[26] Gaýa torsuklary kuwwatsyz jandardyr, ýöne hinini gaýada gurýandyr.
[27] Çekirtgeleriň patyşasy ýokdur, ýöne ählisi sap-sap bolup çykýandyr.
[28] Kelpezäni el bilen tutup bolýandyr, ýöne patyşalaryň köşgünde bolýandyr.
[29] Gadamy owadan üç zat, dogrusy ýörişi owadan dört zat bardyr:
[30] Haýwanlaryň iň batyry, hiç birinden gaçmaýan arslan.
[31] Magtanyp ýöreýän horaz we teke, goşuny ýanynda bolan patyşa.
[32] Eger sen akmak bolup özüňi öwseň ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň, onda eliňi agzyňa tut.
[33] Çünki süýdi gysmakdan ýag, burnuňy gysmakdan gan, gazaby gysmakdan dawa çykýandyr.