[1] Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.
[2] Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.
[3] Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.
[4] Baýlyk tanyşlary beter köpeldýär, garyp bolsa öz ýakynyndanam aýrylýar.
[5] Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.
[6] Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.
[7] Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.
[8] Pähim-paýhas gazanýan özüni söýýär, düşünjeliligi saklaýan bolsa rowaçlyk tapýar.
[9] Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýän hem heläk bolar.
[10] Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly, gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.
[11] Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.
[12] Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.
[13] Akmak ogul atasyna beladyr, aýalyň igenji üznüksiz damja ýalydyr.
[14] Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.
[15] Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.
[16] Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar, ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.
[17] Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.
[18] Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.
[19] Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.
[20] Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.
[21] Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.
[22] Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.
[23] Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar! Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.
[24] Ýalta tabaga uzadan elini hatda agzyna ýetirmez.
[25] Masgaralaýjyny ur, nadanlar paýhaslylyk öwrener, düşünjelini terbiýele, ol bilim alar.
[26] Atasyna zulum edýän we enesini kowýan ogul masgaralyk hem ysnat getirýär.
[27] Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.
[28] Nämynasyp şaýat adalatyň üstünden gülýär, erbetleriň agzy ýamanlyk iýýär.
[29] Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr.